Turkmenportal logo
04.02.26
1396013960
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Ahmet Gurbanow bellenildi. Hünärmeniň ýolbaşçylygynda türkmen ýygyndysy 13–19-njy aprel aralygynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň III diwizionyna taýýarlyk görer. Ikinji diwiziona çykmak ugrunda Türkmenistanyň, GAR-yň, Türkiýäniň, Meksikanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň hem-de Taýlandyň ýygyndylary bäsleşer.

«Baş tälimçi wezipesine bellenmek uly jogapkärçilikdir. Men bu topary içgin tanaýaryn we diwizionymyzda netijä täsir edýän zatlaryň esasan ownuk jikme-jikliklerdigine düşünýärin: düzgün-nyzam, ýerine ýetirilmeli wezipeleriň anyk paýlanyşy we psihologiki durnuklylyk. Dünýä çempionatyna taýýarlyk döwründe hut şu ugurlar boýunça işläris» – diýip, Gurbanow belledi.

Milli ýygyndynyň taýýarlygy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky sport oýunlary merkeziniň buz meýdançasynda geçirilýär. Tälimçiniň sözlerine görä, giňeldilen düzümde ýaş, geljegi uly hokkeýçiler bilen birlikde tejribeli liderler hem bar. «Iň pes maksat – baýrakly üçlüge girmekdir. Esasy maksat bolsa diwizionda ýeňiş gazanyp, ikinji diwiziona çykmakdyr» – diýip, baş tälimçi nygtady.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde daşary ýurt toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar. Milli ýygyndynyň öňki baş tälimçisi Ylýas Weliýew bolupdy.

Ahmet Gurbanow 32 ýaşynda. Ol köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda oýunçy we kapitan hökmünde çykyş edip, dürli döwürlerde oýun tejribesini tälimçilik işi bilen utgaşdyrdy.

Hünärmen sport ýolunyň uly bölegini Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirip, Kazan federal uniwersitetini «Bedenterbiýe we saglygy dikeldiş lukmançylygy» hünäri boýunça tamamlady. Mundan başga-da, Gurbanow Şwesiýadan, Finlýandiýadan we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenleriň gatnaşmagynda Daşkent şäherinde geçirilen IIHF-niň (Halkara Hokkeý federasiýasynyň) tälimçilik okuwlaryny geçdi.

Gurbanowyň sözlerine görä, onuň sport ýolundaky iň ýatda galyjy pursatlaryň biri 2023-nji ýylda geçirilen halkara Kazan Hockey Cup ýaryşyndaky çykyşydyr. Şol ýaryşda ol diwizionyň iň gymmatly oýunçysy diýlip ykrar edildi we «Tatneft Arena» sport toplumynda geçirilen ähli ýyldyzlaryň duşuşygyna gatnaşdy.