Turkmenportal logo
Şu gün 17:18
70327032
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Balkan» gämi gurluşyk zawodynda döwrebap gury ýük gämilerini we läbik sorujylary tiz depginlerde gurýarlar

«Balkan» gämi gurluşyk zawodynda milli floty ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýär. Kärhananyň hünärmenleri Hazar deňzinde ýurduň ulag-logistika mümkinçiliklerini güýçlendirmäge niýetlenen täze gämileriň gurluşygy boýunça işleri alyp barýarlar. Bu barada zawodyň resmi saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda zawodda iki sany döwrebap gury ýük gämisiniň hem-de bir sany läbik sorujynyň gurluşygy tizleşdirilen depginde alnyp barylýar.

Täze gury ýük gämileriniň gurluşygy flotyň kuwwatyny artdyrmak babatda strategik ädim bolup durýar. Bu eksport-import we üstaşyr ýük daşamalarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde möhüm logistika merkezi hökmünde ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Şol bir wagtyň özünde, gury ýük gämileriniň gurluşygy bilen bir hatarda ýörite läbik sorujy gäminiň gurluşygy boýunça işler hem dowam etdirilýär. Ol deňziň düýbüni arassalamak we çuňlaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri ýerine ýetirmäge şert döreder. Gämileri deňze çykarmaga ugrukdyryjy kanallaryň talabalaýyk ýagdaýda saklanmagy deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün eder hem-de halkara ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegi üçin iri tonnažly gämileriň päsgelçiliksiz geçmegine mümkinçilik döreder.