Fransiýaly futbolçy Karim Benzema Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klubyna geçdi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.
38 ýaşly hüjümçi «Al-Hilal» klubyna erkin agent hökmünde goşuldy we klub bilen bir ýarym ýyllyk şertnama baglaşdy.
Mundan öň Benzema «Al-Ittihad» klubunda çykyş edip, onuň düzüminde geçen möwsüm Saud Arabystanynyň çempiony boldy.
Hüjümçi futbol ýolunyň esasy bölegini Madridiň «Real» klubunda geçirdi. Ol bu klub bilen bilelikde jemi 25 kubogy gazandy. Onuň bu klubdaky üstünlikleriniň hatarynda Ispaniýanyň çempionatynda dört gezek ýeňiji bolmagy, Çempionlar ligasynda bäş gezek ýeňiş gazanmagy we klublaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bäş kuboga eýe bolmagy bar.
2022-nji ýylda Karim Benzema «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Ol Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2007–2015-nji ýyllarda hem-de 2021–2022-nji ýyllarda çykyş etdi. Milli ýygyndynyň düzüminde Benzema UEFA-nyň Milletler ligasynyň 2020/2021 möwsüminiň ýeňijisi boldy, şeýle hem 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.