Turkmenportal logo
Düýn 18:45
88868886
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandaky oba mekdebinde ÝUNISEF-iň goldamagynda ätiýaçlyk Gün fotoelektrik ulgamy gurlup ulanmaga berildi

Ahal welaýatynyň Nurly zaman obasyndaky 33-nji orta mekdepde ätiýaçlyk Gün fotoelektrik (FE) ulgamy gurlup ulanmaga berildi. Bu ulgam Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ÝUNISEF tarapyndan gurnaldy. ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu başlangyç okuwçylar we mugallymlar üçin mekdep düzüminiň esasy elementleriniň ygtybarly işledilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gün energiýasy arkaly işleýän bu ulgam mekdebiň sanitar-tehniki ulgamlary (WASH) üçin suw nasoslarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Bu bolsa adaty elektrik torlaryna bolan garaşlylygy azaldýar we jemgyýetçilik edaralarynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegine ýardam edýär. Toplanan energiýa elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlikler dörän ýagdaýynda-da suw nasoslarynyň we yşyklandyryşyň işlemegine kepil geçýär. Netijede, 305 okuwçy we 35 işgär arassa suw hem-de arassaçylyk hyzmatlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Enjamlary gurnamak işleri Bilim ministrliginiň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Tehniki topluma umumy kuwwaty, takmynan, 36 kWT bolan 62 sany monokristally Gün paneli, litiý akkumulýator batareýalary we gibrid inwertorlar girýär. Ähli enjamlar tehniki standartlara we howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda gurnaldy, synagdan geçirildi we ulanmaga berildi. Mekdebiň işgärleri ulgamy howpsuz we uzak möhletleýin ulanmagy üpjün etmek üçin degişli okuwlary geçdiler.

Bu başlangyç Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 6-njy, 7-nji we 13-nji maksatlaryna (Eltiterli we arassa energiýa) gönüden-göni goşant goşýar. Şeýle hem ol Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň we 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek baradaky Milli strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär. Mundan başga-da, taslama «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň esasy ugry bolan howpsuz we durnukly okuw gurşawyny döretmegi goldaýar.

2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda ÝUNISEF-iň, Bilim ministrliginiň we Ahal welaýat häkimliginiň wekilleri alnyp barlan işleriň netijeleri bilen tanyşmak üçin mekdebe baryp gördüler. Bu sapar amaly maýa goýumlaryň howanyň üýtgemegi şertlerinde jemgyýetçilik düzümini nähili netijeli gurap we berkidip bilýändigini aýdyň görkezdi.