Turkmenportal logo
Düýn 17:42
1193711937
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň köp satylýan awtoulag brendi belli edildi

Ýaponiýanyň «Toyota» kompaniýasy geçen ýylyň jemleri boýunça satuw rekordyny täzeledi. Ýagny kompaniýanyň ýaýradan maglumatlarynda «Toyota», «Lexus», «Daihatsu» we «Hino» kysymlaryny goşmak bilen, tutuş dünýäde 11,3 million sany ulagyň satylandygy habar berildi. «Hino» kysymy astynda ýük ulaglary we awtobuslar bazarda ýerlendi.

Bu görkeziji «Toyota» kompaniýasynyň täze rekordy bolup durýar. Ol alty ýyl bäri satuwlar boýunça dünýäde öňdeligi eýeläp gelýär.

Ikinji orny «Volkswagen Group» nemes konserni eýeledi, ol 2025-nji ýylda dünýäde 8,98 million sany ulag satdy.