Turkmenportal logo
Düýn 16:33
1690616906
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazygyndaky täze ýaşaýyş toplumlary tebigy gaz bilen yzygiderli üpjün edilýär

Gyş paslynyň şu günlerinde Daşoguz welaýatynyň gazçylary 13 352 kilometrden gowrak bitewi gaz ulgamynyň, şeýle hem 5 350-ä golaý gaz sazlaýjy we paýlaýjy desgalaryň gije-gündiz bökdençsiz işini üpjün etdiler. Netijede, sebitiň sarp edijileri gymmatly «mawy ýangyç» bilen durnukly we doly möçberde üpjün edilýär. Bu barada ussatnews.com habar berýär.

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdiriýetiniň gurluşyndaky öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biri hem Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk kärhanasy hasaplanýar. Welaýatyň iň günbatar böleginde ýerleşýän bu etrap soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerdi. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň gurlmagy netijesinde, ol barha abadanlaşan şäher keşbine girýär.

2025-nji ýylyň dowamynda kärhananyň gazçylarynyň hem-de Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrýan «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-montaj müdiriýetiniň hünärmenleriniň bilelikdäki meýilnamalaýyn işleri netijesinde, täze jaýlara göçüp gelen köp sanly ýaş maşgalalar tebigy gazdan peýdalanmaga mümkinçilik aldylar.

Munuň bilen birlikde, kärhananyň hünärmenleri «Atgyrlan» belentliginde ýerleşýän ilatly nokatlary, şeýle hem «Gurbankem», «Gyşgum» we «Bötendag» çopan obalarynyň ýaşaýjylaryny suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirýärler, bu bolsa gyşyň sowuk günlerinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda gaz hojalyk kärhanasynyň işgärleri dürli basyşly gaz geçirijileriniň 2 462 kilometrden gowragynyň hem-de gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň 734-siniň bökdençsiz işledilmegini üpjün edýärler.