Turkmenportal logo
Düýn 14:25
1925519255
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow «Kitçi» toparynyň duşuşygynda ilkinji gezek kapitanlyk daňysy bilen meýdança çykdy

Gonkongyň «Kitçi» futbol klubunda çykyş edýän türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer-ligasynyň 14-nji tapgyrynda «Sautern Distrikt» toparyna garşy geçirilen duşuşykda ilkinji gezek toparyny kapitanlyk daňysy bilen meýdança çykardy.

Duşuşyk «Kitçi» toparynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Mingazow meýdançada 77 minut çykyş etdi we 75-nji minutda toparynyň derwezeden geçiren üçünji pökgüsine gol pasyny berdi.

«Ilkinji gezek topary kapitanlyk daňysy bilen meýdança çykardym, bu meniň üçin uly hormat we jogapkärçilikdir. 3:0 hasabynda ýeňiş gazandyk. Maksadymyza tarap işimizi dowam etdirýäris» — diýip, türkmenistanly futbolçysy sosial ulgamlarda ýazdy.

Bu ýeňişden soň «Kitçi» 13 duşuşykda 35 utuk toplamak bilen, çempionatda liderligini saklaýar. Iň ýakyn bäsdeşi «Li Man» 9 utuk yza galýar, ýöne şol bir wagtyň özünde onuň indi geçirmeli iki duşuşygy bar. Üçünji orunda bolsa 13 oýunda 25 utuk toplan «Nort Distrikt» ýerleşýär.

34 ýaşly Mingazow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri «Kitçi» toparynda çykyş edip gelýär. Futbolçynyň klub bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, onuň transfer bahasy 125 müň ýewro diýlip bahalandyrylýar.

Ruslan Mingazow «Kitçi» toparynyň düzüminde 78 duşuşyk geçirip, 36 gol saldy we 28 netijeli pas berdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa ol 30 duşuşykda 6 gol bilen tapawutlandy.