Turkmenportal logo
Düýn 13:56
1503115031
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen tennisçi gyzy Bahreýnde geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň tennisçi gyzlary Bahreýniň Isa-Taun şäherinde tamamlanan 14 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda «A» derejeli halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirilen bäsleşige 17 ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

On iki ýaşly Sülgün Işangulyýewa iordaniýaly A. Gokaşau bilen bilelikde jübütleriň arasynda çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Final duşuşygynda türkmen-iordan jübüti Russiýa–Eýran jübüti S. Himmеlreýh / Aýlin Mohammadian bilen geçirilen duşuşykda 3:6, 3:6 hasabynda ýeňildi. Finala çenli ýolda tennisçi gyzlar russiýaly T. Korotçenko we Taisiýa Zubkowa (6:2, 6:0), indoneziýaly Obri Kadir bilen malaýziýaly Zara Firman (6:2, 6:2) jübütlerini ýeňmegi başardylar, ýarym finalda bolsa dartgynly geçen duşuşykda hindistanly Padmapriýa Rameş / Şazfa SK jübütinden üstün çykdylar (4:6, 7:6, 10:6).

Ýekelikde Türkmenistanyň tennisçileriniň arasynda iň gowy netijäni Näzli Hudaýgulyýewa görkezdi. Ol ýarym finala çykyp, şol ýerde ýaryşyň geljekki ýeňijisi hytaýly Menşýaо Li bilen duşuşyp, ondan 1:6, 4:6 hasabynda ýeňildi. Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda türkmen tennisçisi ýaponiýaly Çiho Şiraýa 5:7, 2:6 hasabynda utulyp, dördünji orny eýeledi. Hudaýgulyýewanyň 19-njy fewralda 13 ýaşy dolýar.

«ATF Bahrain 14 & Under Category A» ýaryşy reýtingli bäsleşik bolup durýar. Şeýle ýaryşlarda ýylyň dowamynda üstünlikli çykyş etmek 2027-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Wimbldon we Australian Open ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Hudaýgulyýewa we Işangulyýewa halkara ýaryşlarynda Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýuri Rogusskiýniň ýolbaşçylygynda çykyş edýärler. Geçen ýyl olar Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde Ferganada geçirilen Merkezi Aziýa U12 birinjiliginde taryhda ilkinji gezek Özbegistanyň toparyny ýeňip, Aziýa Kubogynyň finalyna gatnaşmak hukugyny gazandylar.