Turkmenportal logo
Düýn 12:45
1229512295
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Suw-batgalyk ýerleriň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanda suwda ýüzýän guşlaryň gyşky sanawy tamamlandy

Türkmenistanda ýanwar aýynda dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde suw-batgalyk guşlaryň gyşky sanawlary geçirildi. Bu çäreler 2-nji fewralda bellenilýän Suw-batgalyk ýerleriň bütindünýä gününe bagyşlanan çäreleriň biri boldy. Şeýle-de geçirilen sanawlar ýubileý häsiýetine eýe boldy — olar Ramsar konwensiýasynyň hyzmatdaş guramasy bolan Wetlands International guramasynyň howandarlygynda 60 ýyl bäri yzygiderli alnyp barylýar.

Sanawlar suw-batgalyk ýerleri bolan üç döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ornitologlar we ekologlar tarapyndan geçirildi. Ilki bilen bu işlere ýurdumyzda ýeke-täk Ramsar ýerleriniň biri bolan, ýagny suw-batgalyk ýerleriň ýörite sanawyna (Ramsar sanawy) girizilen akwatoriýa hasaplanýan Hazar döwlet goraghanasy gatnaşdy. Şeýle-de sanawlara Gaplaňgyr we Amyderýa döwlet goraghanalary hem çekildi.

Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazyk böleginde geçirilen sanawlar goraghanalaryň ylmy bölümleriniň ýolbaşçylarynyň baştutanlygynda amala aşyryldy, Hazar deňzindäki ekspedisiýalara bolsa gönüden-göni Hazar döwlet goraghanasynyň direktory Tirkeş Teňliýew ýolbaşçylyk etdi.

Balkan welaýatynyň gündogar böleginde, Ahal we Mary welaýatlarynda, şeýle-de Lebap welaýatynyň günorta sebitlerinde ekspedisiýalar Türkmenistanyň biologik köpdürlüligini öwrenmek boýunça Başlangyç topar tarapyndan, toparyň ýolbaşçysy Eldar Rustamowyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Geçirilen ekspedisiýalaryň dowamynda suw-batgalyk ýerleriň ýa-da olaryň bölekleriniň jemi 54-si barlanyldy, şol ýerlerde gyşlaýan guşlaryň sanawy amala aşyryldy we olaryň käbirleri surata düşürildi. Şeýlelik bilen, barlaglar Türkmenistanyň suwda ýüzýän we suwa ýakyn guşlarynyň gyşlamagy üçin möhüm bolan kenarýaka sebitleri, köller we suw howdanlary doly derejede öz içine alyndy.

Sanawlaryň dowamynda 49 dürli görnüşe degişli bolan ördekler, şeýle-de sakarbaraklar, jübtünler, gazlar we beýleki suw-batgalyk guşlar ýüze çykaryldy. Olaryň jemi sany takmynan ýarym million guşa ýetdi. Olaryň esasy bölegi — 80 göterimi içerki suw howdanlary bilen deňeşdirilende deňiz akwatoriýalarynda hasaba alyndy. Şunda esasy ätiýaçlyk dörediji görnüşler hökmünde 5 görnüş tapawutlandyryldy: sakarbarak, ýabany ördek, hüpükli ördek, gyzyl burunly tüňňele guşy we, geň hem bolsa, Gyzyl kitaba girizilen gyzylbaş tüňňele.

Başga bir Gyzyl kitaba girizilen görnüş — Hazarda gyşlaýan gyzylgazlar hem oňat netije görkezdi. Olaryň sany Hazar goraghanasynda geçirilen ähli gözegçilik ýyllarynyň dowamynda rekord derejä ýetip, 33 müňden gowrak boldy. Içerki suw howdanlarynda bolsa bu gyş guşlarynyň sany we görnüş düzümi boýunça ortaça görkezijilerden pes boldy. Munuň sebäbi Merkezi Aziýa sebitiniň ähli ýerlerinde syn edilýän howanyň adatdan daşary guraklygy sebäpli suw howdanlarynyň suwunyň peselmekligidir.

Ekspedisiýalaryň jemleri ýurdumyzda geçirilen guşlaryň gyşky sanawlary boýunça umumy statistiki hasabata giriziler. Bu hasabat 9-njy fewralda Aşgabatda geçiriljek ylmy maslahatda hödürlener. Hut şu sanawlar we maslahat bilen Türkmenistan Ramsar konwensiýasynyň gol çekilen gününe bagyşlanan Suw-batgalyk ýerleriň bütindünýä günini belleýär. Ýatladyp geçsek, Türkmenistan bu konwensiýa 2009-njy ýylda goşulypdy.