Turkmenportal logo
Düýn 11:15
1757017570
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kriştianu Ronaldu «Al-Nasryň» bir oýnuny goýberer: onuň sebäbi entek belli däl

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu 2-nji fewralda geçiriljek Saud Arabystanynyň Pro-ligasyndaky «Al-Nasr» bilen «Al-Riyad» toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gatnaşmaz.

Bu barada futbol boýunça insaýder Fabrisio Romano habar berdi. Onuň sözlerine görä, 40 ýaşly hüjümçi şazada Turki bin Abdulaziz adyndaky stadionda geçiriljek duşuşykda oýnamak üçin meýdança çykmaz.

«Kriştianu Ronaldu ertir «Al-Nasr» bilen «Al-Riyad» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda oýnamaz» — diýip, Romano X (öňki Twitter) sosial ulgamynda  ýazdy. — «Onuň oýna gatnaşmazlygy hiç hili beden şikesleri, agram düşýänligini kadalaşdyrmak  ýa-da fiziki taýýarlyk ýagdaýy bilen baglanyşykly däldir».

Ronaldunyň duşuşyga gatnaşmazlygynyň anyk sebäbi aýan edilmeýär.

Ýakyn günlerde meşhur futbolçy doglan gününi bellär — 5-nji fewralda onuň 41 ýaşy dolýar.

AFC Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynyň çäklerinde «Al-Nasr» 11-nji fewralda Türkmenistanyň «Arkadag» topary bilen duşuşar.