Häzirki wagtda Russiýadan we Gazagystandan göçüp gelen guşlar Türkmenistanyň günorta-gündogarynda we demirgazyk-günbatarynda, şol sanda Amyderýa we Kelif döwlet tebigy goraghanalaryna degişli çäklerde gyşlamagyny dowam etdirýärler.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, gyşlaýan guşlaryň esasy bölegi dürli ululykdaky suw howdanlarynda (kiçi köllerden başlap, iri suw howdanlaryna çenli) mesgen tutýarlar. Olaryň kiçi toparlaryna bolsa Amyderýada, Garagum derýada, kanallarda we ekin meýdanlarynda duş gelmek bolýar.

Ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde alymlar A. Sadykow, Ý. Agryzkow we «Diýar» žurnalynyň fotožurnalisti A. Taňrygulyýew Lebap welaýatynyň çägindäki Amyderýa, Garagum derýasy, Soltansanjar, Goşabulak, Seýdi, Ketdeşor, Ramanköl, Ýerajy we Şorköl ýaly suw howdanlarynda göçüp gelýän we gyşlaýan suwda ýüzýän guşlara toplumlaýyn monitoring geçirdiler. Bu ylmy saparlar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Aral deňziniň basseýninde tebigy gymmaty ýokary bolan ýer serişdelerini we ekoulgamlary durnukly dolandyrmak we gorap saklamak» taslamasynyň goldawy bilen amala aşyryldy.

Ylmy barlaglaryň netijesinde, Amyderýanyň orta akymynda guşlaryň alty görnüşiniň (hemişelik ýaşaýan, göçüp gelýän, gyşlaýan, tomus paslynda gelýän, welaýatyň çäginden uçup geçýän we dürli sebäplere görä gelýän guşlar) bardygy anyklandy.
Amyderýa goraghanasynyň hünärmenleriniň dürli ýyllarda geçiren ylmy barlaglarynyň netijesinde, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň jemi 21 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň arasynda gyrgyşekillileriň 6 görnüşi: ýylançylar (Circaetus gallicus), dag bürgüdi (Aquila rapax), mazar bürgüdi (Aquila heliaca), bürgüt (Aquila chrysaetos), akguýruk garaguş (Haliaeetus leucoryphus), gara gupba (Aegypius monachus); laçynşekillileriň üç görnüşi: Ütelgi (Falco cherrug), laçyn (Falco peregrinus), sähra gyrgysy (Falco naumanni) we beýlekiler bar. Bu guşlar seýrek duş gelýän görnüşler bolup, aýratyn goraga mätäçdirler.

Ýatladyp geçsek, guşlaryň bu hasaba alnyşy «Wetland International» guramasynyň howandarlygynda Halkara gyşky suwda ýüzýän guşlary hasaba almak çäresiniň çäklerinde tutuş Türkmenistan boýunça geçirildi.
Mundan ozal biz Köpetdag suw howdanynda, Altyn kölde (Gurtly köli) we Gaplaňgyr goraghanasynda geçirilen guşlary hasaba alyş işleri barada habar beripdik.