Astronomlar adamyň ýaşaýjy üçin iň ýaramly bolan planetany tapdylar we ol göwrümi babatda Ýere deňdir, emma howa gurşawy Marsyňkyny ýatladýar. Oňa ýetmek üçin ýagtylyk tizligine barabarlykda 146 ýyl uçmak gerek.
Güne meňzeş ýyldyzyň daşyndan aýlanýan planeta «HD 137010 b» diýip at dakdylar. Ony Awstraliýadan, Beýik Britaniýadan, Daniýadan we ABŞ-dan bolan alymlar topary K2 älem teleskopy arkaly tapdy.
Awstraliýadaky Günorta Kliwslend uniwersitetiniň (USQ) doktory Çelsi Huangyň sözlerine görä, täze planetanyň orbitasy Ýeriňkä meňzeş bolup, öz ýyldyzynyň daşyndan 355 günde doly aýlanýar.