Turkmenportal logo
31.01.26
1045610456
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Baş sekretary guramanyň «gutulgysyz maliýe çökgünligi» barada duýdurdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş agza-ýurtlara gatançlaryň tölenmezligi hem-de býujet düzgünleri sebäpli, gurama «gutulgysyz maliýe çökgünliginiň» garaşýandygy barada duýdurdy. Bu hakynda Baş sekretaryň ilçilere ýollan hatyna salgylanýan «Reuters» agentligi habar berdi. 

«Kynçylyk çuňlaşmak bilen, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine howp salýar we maliýe çökgünliginiň töwekgelçiligini döredýär. Golaý geljekde ýagdaý has-da ýaramazlaşar» diýlip,Guterrişiň hatynda bellenýär.

BMG iri donor bolan Birleşen Ştatlaryň guramany meýletin maliýeleşdirmekden hem-de yzygiderli býujete we parahatçylyk dörediji işlere hökmany töleglerden duýdansyz ýüz öwürmegi bilen baglylykda maliýe kynçylygyna uçrady. 

BMG-ä gatançlar agza-döwletleriň guramanyň býujetini emele getirýän hökmany tölegleridir. Esasy tölegçiler – ABŞ (22%), Hytaý (7,9–18,7% dürli býujetlerde), Ýaponiýa (8-10%), Germaniýa (6-7%),Beýik Britaniýa, Fransiýa, Russiýa (2,3-3% dürli býujetlerde). Bergidarlyk Baş Assambleýada ses bermek hukugyndan mahrum edýär.