Turkmenportal logo
31.01.26
1803818038
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
International Business Academy Startup Camp ýaş liderler üçin Gresiýada we Beýik Britaniýada tomusky lagerlere kabul edişligi yglan etdi

International Business Academy Startup Camp şu tomus Gresiýada we Beýik Britaniýada çagalar hem-de ýetginjekler üçin halkara bilim lagerlerini geçirer. Gatnaşyjylara dynç alyşy liderlik, telekeçilik we halkara gurşawda topar bilen işlemek boýunça okuwlar bilen utgaşdyrmak teklip edilýär.

Gresiýadaky lager Egeý deňziniň kenarynda, Olimp dagynyň eteginde ýerleşýän bäş ýyldyzly Cronwell Platamon Resort myhmanhanasynda geçiriler. Maksatnama liderlik barlaghanalaryny, işewürlik oýunlaryny, startap taslamalary boýunça işi hem-de gadymy taryh bilen häzirki zaman telekeçilik medeniýetiniň sazlaşýan gurşawynda açyk howada işjeň dynç alşy öz içine alýar.

Beýik Britaniýa Startup Camp bilim lageriniň ikinji geçjek ýeri bolar. Gatnaşyjylar Glazgo we Edinburg şäherlerine baryp görerler, ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleriniň işewürlik-bilim standartlary bilen tanşarlar hem-de startaplar we innowasiýalar ekoulgamyna çuňňur aralaşarlar. Öz taslamalary boýunça iş tejribeli mentorlaryň ýolbaşçylygynda alnyp barlar.

Saýlanan ýurda garamazdan, lageriň maksatnamasy duýgy-täsirli aň-paýhasyň, özüne ynamyň, topar bilen işlemek başarnyklarynyň, köpçüligiň öňünde çykyş etmegiň hem-de öz pikirleri bilen tanyşdyrmagyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Guramaçylar Startup Camp bilim lageriniň diňe bir tomusky dynç alyş däl-de, eýsem çagalaryň geljegine goýulýan maýa hökmünde göz öňünde tutulandygyny belleýärler.

International Business Academy Startup Camp üçin hasaba alyş eýýäm açyk. Giňişleýin maglumatlary +993 63 41 51 78 telefon belgisi arkaly ýa-da hasaba alyş formasyny internet sahypasyndan alyp bolýar.