Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň welaýatlarynda we paýtagtynda 20226-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalar we desgalar barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdy ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýyl ýurtda binalar we desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda köp sanly binalaryň we desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini aýtdy hem-de ýurtda şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawyny makullap makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.