Amerikanyň Birleşen Ştatlary TAPI (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçirijisiniň diňe bir tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin ugur bolmak bilen çäklenmän, eýsem ykdysady ösüşiň we sebit durnuklylygynyň möhüm faktory bolup biljekdigini ykrar edýär. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud NCA neşirine beren interwýusynda nygtady.
«Biz TAPI gaz geçirijisiniň energiýa elýeterliligini giňeltmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýada millionlarça adamyň durmuşyny gowulandyryp biljekdigine düşünýäris» – diýip, diplomat belledi.
Şeýle-de ol ABŞ tarapyndan TAPI taslamasyna berilýän goldawyň sebit energetika howpsuzlygy we Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça has giň syýasata esaslanýandygyny nygtady.
Ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr we uzynlygy 1,8 müň kilometrden gowrak bolan TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygyna 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde badalga berildi. Taslama laýyklykda gaz geçirijisi Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherlerinden Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, pakistan-hindi serhedindäki Fazilka ilatly nokadyna ýetmelidir.
«Türkmengaz» döwlet konserni eýýäm Türkmenistanyň çägindäki 214 kilometrlik bölegiň gurluşygyny doly tamamlap, ony ulanmaga doly taýýar etdi. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň owgan böleginde gurluşyk işleri dowam etdirilýär.