W.N.Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersitetiniň (ADU) rektory Igor Alekseýew Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu barada Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
I.Alekseýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda Tatişew adyndaky ADU-da 4 müňe golaý daşary ýurtly talyp bilim alýar, şolaryň 3 müňden gowragy Türkmenistanyň raýatlarydyr. Türkmenistanyň konsullygynyň goldawy bilen uniwersitet goňşy döwletiň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşdy. Hyzmatdaşlaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary instituty, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi bar.
Taraplar bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, şol sanda ikinji diplom almak mümkinçiligini döretmek, mugallymlaryň we talyplaryň akademiki taýýarlygyny ösdürmek, professor-mugallymlar düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak, bilelikdäki ylmy barlaglary amala aşyrmak we ylmy-amaly çäreleri geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar.