Turkmenportal logo
30.01.26
1002210022
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Indoneziýada piller bilen göreşmek üçin harbylary kömege çagyrdylar
Surat: Eugene Hoshiko/AP

Indoneziýa ýerli ýaşaýjylary ýabany pilleriň hüjümlerinden goramak üçin harby goşunlary Sumatra adasyndaky Waý Kambas milli seýilgähine ugratdy. Bu barada «Antara» agentligine salgylanýan TASS habar berdi.

Ýurduň Ýaragly Güýçleriniň ýerli serkerdeliginiň ýolbaşçysy Kristomeý Sianturi bu etrapda adamlar bilen pilleriň arasyndaky gapma-garşylygyň onýyllyklar bäri dowam edýändigini, pilleriň oba hojalyk ekinlerini, jemgyýetçilik binalaryny haraplaýandygyny, kähalatda adamlara hem şikes salýandygyny gürrüň berdi.

Sumatra pillerine ýitip ýok bolmak howpy abanýar. Aýratyn hem Sumatra adasynda palma plantasiýalary üçin tokaýlaryň çapylmagy netijesinde ýaşaýan mekanlary daralan piller daýhanlaryň ekin meýdanlaryna barýarlar, bu bolsa, ýerli ýaşaýjylar bilen gapma-garşylyklara sebäp bolýar.