Turkmenportal logo
30.01.26
1592015920
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA-da atçylyk baradaky «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly döwletara tele-filmler bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen bilelikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň «Ganatly bedew: güýç we nepislik» atly döwletara tele-filmler bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan etdi.

Bäsleşik GDA ýurtlarynyň halklarynyň atçylygynyň taryhyny we atly medeniýetini wagyz etmäge, aty medeni mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde kabul edip, oňa hormatly garaýşy kemala getirmäge, şeýle hem telewizion dokumental kinony ösdürmäge gönükdirilendir.

Bäsleşigiň esasy şertleri

Bäsleşige GDA ýurtlarynyň döwlet we döwlete degişli bolmadyk telekompaniýalary, garaşsyz prodýuserler, awtorlar hem-de döredijilik toparlary gatnaşmaga çagyrylýar. Her bir gatnaşyjy bäsleşige iki eserden köp bolmadyk işi hödürläp biler.

Bäsleşige 2024-nji ýyldan öň döredilmedik, dowamlylygy 15 minutdan 30 minuta çenli bolan dokumental, dokumental-publisistik filmler we telewizion oçerkler kabul edilýär. Eserler rus ýa-da iňlis dillerinde subtitrler bilen üpjün edilmelidir.

Filmleriň tematikasy atçylygyň taryhyny we at tohumlarynyň ösüşini, GDA ýurtlarynyň halklarynyň medeniýetinde we däp-dessurlarynda atyň ornuny, bedewiň gözelligini we nepisligini, şeýle hem atçylyk sportuny öz içine alýar.

Bäsleşigiň işlerine temanyň mazmunyna laýyklygy, çeperçilik we režissýorlyk derejesi, operatorçylyk işiniň hili, pikirlenişiň özboluşlylygy hem-de medeni ähmiýeti boýunça baha berler.

Ýeňijiler «Iň gowy tele-film», «Atçylygyň taryhy barada iň gowy film», «Atçylyk sporty baradaky iň gowy film», «Bedewiň keşbini çeperçilik bilen beýan edendigi üçin» hem-de «Eminleriň baýragy» ýaly ugurlar boýunça kesgitlener. Baýrak gowşurylyş dabarasy festiwalyň ýapylyş dabarasynda geçiriler, ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşik GDA döwletleriniň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde täjirçilik däl esasda geçirilýär.

Bäsleşigiň doly düzgünnamasy bilen THP-nyň resmi saýtynda tanyşmak bolýar.