Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Balkan» kän müdirliginiň işçileridir hünärmenleri ýurduň çar künjeginde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmekde işjeňlik görkezýärler.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýally, geçen ýylyň dowamynda bu ýerde magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 2 million 551 müň 422 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe çagyl-çäge garyndysyny, ýuwlan çägäni, daş owuntygyny öndürmek boýunça ýetilen sepgit hem bellenen meýilnamadan ep-esli artyk boldy. Öndürilen gurluşyk serişdeleriniň pul hasabyndaky möçberi 44 million 683 müň manada deňdir.
Häzirki zamanyň kämil önümçilik tehnikalary bilen üpjün edilen kärhanada we onuň «Daşarbat», «Türkmenbaşy», «Baleýşem» ýaly önümçilik meýdançalarynda öndürilýän önümler diňe bir Balkan welaýatyna däl, ýurduň ähli sebitlerine hem polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylýar. Döwlet Baştutanynyň tabşyryklary esasynda satyn alynýan täze ýük ýükleýji we daşaýjy awtoulaglardyr tehnikalar bilen müdirligiň maddy-tehniki binýadynyň üsti ýetirilip durulýar. Geçen ýylda onuň garamagyna şeýle tehnikalaryň 40-a golaýynyň gelip gowuşmagy-da munuň aýdyň mysalydyr.