Turkmenportal logo
Şu gün 10:18
13861386
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» ösümlik ýagy kärhanasynda 116 million manatdan gowrak önüm öndürildi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligi iri senagat kärhanalarynyň jemlenen ýeridir. Bu künjekde içerki bazarda uly islegden peýdalanýan azyk önümini öndürýän «Ahal» ösümlik ýagy kärhanasy hem ýerleşýär. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine degişli kärhana 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Geçen döwrüň dowamynda halky ýokary hilli ösümlik ýagy bilen üpjün etmekde guwandyryjy işleri bilen uly meşhurlyga ýeten kärhananyň ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümleri söwda nokatlaryny bezäp gelýär. Onuň esasy çig maly gowaça çigidi bolup durýar. Welaýatyň zähmetsöýer babadaýhanlary tarapyndan ýetişdirilýän pagtanyň ýokary hilli çigidi bu ýerde kämil tehnologiýalar arkaly gaýtadan işlenip, ýag alynýar. Döwrebap enjamlar çig malyň gaýtadan işlenmeginden başlap, önüm taýýar bolýança, şeýle-de gaplanýança ähli işleriň ýokary talaplara laýyk ýerine ýetirilmegine şert döredýär. Barlaghana bölümindäki enjamlar hem döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Taýýar ösümlik ýagy awtomatlaşdyrylan usulda gaplanýar. Has anygy, ýokumlylygy we ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan önümler 1, 5 hem-de 10 litrlik göze gelüwli gaplara guýlup, «Ahal» ösümlik ýagy haryt nyşany bilen ilata elýeterli bahalardan ýetirilýär. Önüme islegiň barha artýandygyna gazanylýan önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda-da göz ýetirmek bolýar.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, geçen 2025-nji ýylda kärhanada 116 million 347 müň 150 manatlykdan gowrak iş edildi. Netijede, ondan ozalky ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, bu babatda 113,33 göterimden gowrak ösüş gazanyldy.

Ýyllyk kuwwaty 96 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy önümhanada işçi-hünärmenleriň onlarçasy yhlas bilen zähmet çekýär. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde, geçen şanly ýylda arassalanyp dezodirlenen pagta ýagyndan başga-da, sarunuň we harpygyň müňlerçe tonnasy alyndy. Gazanylýan önümçilik görkezijilerinden ruhlanýan agzybir işgärler ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden dabaralandyryljak ýyly hem mynasyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler.