Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy kömekçi (assistant) wezipesi boýunça boş iş ornunyň açylandygyny mälim etdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi bildirişinde aýdylýar.
Dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir: ýokary bilimli bolmaly; türkmen we iňlis dillerini ýazmaça hem-de dilden erkin derejede bilmeli; Windows operasion ulgamynda işleýän şahsy kompýuter bilen ynamly işläp bilmek ukybyna eýe bolmaly; MS Office programmalarynyň toplumyny (esasan Word, Excel we beýleki goşundylary) bilmelidir.
Gyzyklanma bildirýän şahslar iňlis dilinde taýýarlanan terjimehalyny (CV) elektron poçta arkaly ashgabat@mission.mfa.gov.az salgysyna ibermelidirler.