Turkmenportal logo
Düýn 21:52
66896689
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýär
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlara we duşuşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi nygtaldy.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda halkara giňişliginde alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň halkara giňişliginde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde, özara gatnaşyklarynyň işjeň derejesi bellenildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki formatlarynyň hatarynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy aýratyn bellenilip, onuň çäklerinde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýändigi aýdyldy.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Ozal Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyrynyň geçirilendigini habar beripdik.