Turkmenportal logo
Düýn 21:35
50845084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Aşgabatda daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri boýunça pikir alyşdylar we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar.

Duşuşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine üns berildi. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.