Ýewropa Bileleşigi hem-de Hindistan erkin söwda barada ylalaşygyň 20 ýyla golaý pikir alyşmadan soňra baglaşylandygyny habar berdiler diýip, «Bloomberg»habar berdi.
Ylalaşyk netijesinde ÝB-dan Hindistana harytlaryň eksportynyň paçlaryň ýatyrylmagynyň ýa-da 96,6 göterim peseldilmeginiň hasabyna, 2032-nji ýyla çenli iki esse artmagyna garaşylýar. Şeýle harytlara awtoulaglar, senagat harytlary, çakyr, şokolad we makaron önümleri girýär. Şol bir wagtda Ýewropa Bileleşigi hem ýedi ýylyň dowamynda Hindistandan harytlara paçlary ýatyrar ýa-da 99,5 göterim azaldar.
Resminama alty aý töweregi dowam etjek hukuk barlagyndan soňra resmi gol çekilmegine garaşylýar, ondan soňra ony Ýewropa Parlamenti tassyklamaly bolar.
Hindistan bilen ÝB-niň arasynda erkin söwda barada ylalaşyk boýunça gepleşikler 2007-nji ýylda başlandy, emma jedelli meseleler bilen baglylykda, 2013-nji ýylda bes edildi. 2022-nji ýylda ol dünýä söwdasyndaky düýpli özgerişlikler sebäpli täzeden dikeldildi.
2024-2025-nji ýyllarda Hindistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwdanyň möçberi 136 milliard dollara ýetdi.