Turkmenportal logo
Düýn 16:45
61146114
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
MAR-yň Konstitusion kazyýeti Tuaderiň Prezident saýlawlaryndaky ýeňşini tassyklady

Merkezi Afrika Respublikasynyň Konstitusion kazyýeti duşenbe güni häzirki Prezident Fosten-Arkanža Tuaderiň 28-nji dekabrda geçen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny resmi tassyklady. Tuaderi saýlawlarda sesleriň 77,9 göterimini gazanypdy.  

Bu barada ýurduň Konstitusion geňeşiniň başlygy Žan-Pýer Waboýe: «Merkezi Afrika Respublikasynyň halkynyň adyndan Konstitusion kazyýet Fosten-Arkanža Tuaderi saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň 77,9 göterimini alyp saýlanan Prezident diýip yglan edýär» diýdi.

Tuaderiň esasy garşydaşy, öňki Premýer-ministr Anise-Žorž Dologele sesleriň bary-ýogy 13,5 göterimini gazandy. Kazyýet onuň deslapky netijeler yglan edilenden soňra beren garşylykly arzasyny ýatyrdy.