Turkmenportal logo
Düýn 14:57
64296429
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eswatininiň Premýer-ministri Türkmenistanyň işewür wekiliýetini kabul etdi
Surat: The Times of Eswatini

Eswatininiň Mbabane şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň işewür wekiliýeti 26-njy ýanwarda ýurduň Premýer-ministri Rassel Mmiso Dlamini tarapyndan kabul edildi.

«The Times of Eswatini» gazetiniň ýazmagyna görä, duşuşykda türkmen tarapy bilen Eswatinidäki maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Aýdyň Gijeler Holding LTD» kompaniýasynyň eýesi we esaslandyryjysy Hydyrberdi Abdyrahmanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Hökümetiniň tabşyrygy boýunça hyzmatdaşlygyň amatly ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, Eswatinä tanyşlyk iş saparyny amala aşyrdy.

Habarda bellenilişine görä, Premýer-ministr bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda wekiliýet Eswatiniden şeker satyn almaga uly gyzyklanma bildirdi. Bu bolsa ýurduň esasy oba hojalyk harytlarynyň biri üçin täze eksport bazarlaryny açyp biler.

Taraplar şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine, şol sanda Eswatininiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, dürli pudaklara maýa goýmak mümkinçiliklerine seretdiler.

Premýer-ministr öz Hökümetiniň daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmäge ygrarlydygyny nygtady. Ol bu hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe, täze iş orunlarynyň döredilmegine we durnukly ösüşe goşant goşjak anyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

«Bu sapar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soňra örän möhüm pursatda amala aşyrylýar» diýip, Dlamini nygtady. 

«Biz siziň Eswatinä bolan gyzyklanmaňyza örän şat we anyk maýa goýum netijelerine alyp barjak hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Premýer-ministr Eswatininiň türkmen kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy gurmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

Söwda we maýa goýumlardan başga-da, Türkmenistanyň işewürler toparlary Eswatininiň owadan tebigatyna we halkynyň myhmansöýerligine ýokary baha berip, ýurduň özüne çekiji syýahatçylyk ugry hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyga Eswatininiň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri, senator Folile Şakantu, içeri işler ministri, Şagyzy Lindiwe, Eswatininiň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork) ýanyndaky hemişelik wekili Tami Dlamini gatnaşdy. Munuň özi türkmen wekiliýetiniň saparynyň Eswatini üçin strategik ähmiýete eýedigini görkezýär.