Turkmenportal logo
Düýn 13:00
1126311263
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» gazeti ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi 

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýaş žurnalistleriň arasynda «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bu boýunça degişli bildiriş gazetiň 29-njy ýanwardaky sanynda çap edildi.

Bäsleşik 2026-njy ýylda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň mazmunyny açyp görkezmek we wagyz etmek maksady bilen, şeýle-de ýurduň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralýar.

Bäsleşige hödürleniljek işlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) ýurtda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilýän desgalar, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler, türkmen bedewleriniň şan-şöhraty anyk mysallardyr maglumatlar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary, meşhur atşynaslar hakyndaky oçerkler, aýratyn ugurlar boýunça söhbetdeşlikler, makalalar täsirli, maglumatlara baý, dili çeper we şireli bolmalydyr.

Ýaş žurnalistler bäsleşige hödürleýän işlerini «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» diýen ýazgy esasynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan işlerine özleri (okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, elektron abuna ýazylandygyny tassyklaýan belgisi) baradaky maglumatlary hem goşmalydyrlar. Bäsleşige ýaşy 35-den geçmedik ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul ediler. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.

Bäsleşik maý aýynda jemleniler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.

Ozal «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigini yglan edendigini habar beripdik.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312) 39-95-94.