Turkmenportal logo
20.01.26
1287812878
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» gazeti zenan žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi 

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan edýär. Bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) degişli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti açylyp görkezilmelidir. Şol sanda ýurtda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdirýän enelere hormatly adyň dakylýandygy, köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlar anyk mysallar arkaly beýan edilmelidir.

Makalalardyr oçerkler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda netijeli, yhlasly zähmeti bilen ýaşlara görelde bolýan, köp ýyllaryň dowamynda ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeş zenanlara, uzak ýaşly enelere, milli sungaty, çeper el işlerini ýaşlara öwretmekde tapawutlanýan zenanlara bagyşlanmalydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän işlerini «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär. 

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, şu ýylyň 1-nji martyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.   

Bäsleşik Halkara Zenanlar güni mynasybetli jemlener. Ýeňijilere «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-94.