Türkmenistanyň GDA-daky başlyklyk etmegi ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan yzygiderli syýasatynyň dowam etdirilmeginde möhüm tapgyr bolup durýar. Bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi, GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekili Nazarguly Şagulyýew mälim etdi.
«Türkmenistanyň GDA-daky başlyklyk etmegi Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine — ýagny hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormata, deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan yzygiderli syýasatynyň möhüm tapgyrydyr. Başlyklyk GDA-nyň esas goýujy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylar» — diýip, diplomatyň sözlerini TASS agentligi getirýär.
Şagulyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA-nyň umumy taryhy, dili, bähbitleri we bitewi ykdysady giňişligi bolan ýurtlary birleşdirýän möhüm we ähmiýetli sebit meýdançasydygyndan ugur alýar.
2026-njy ýylda GDA-nyň edaralaryndaky başlyklyk Täjigistandan Türkmenistana geçdi. Türkmenistan bu başlyklygy Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşi, Daşary işler ministrleriniň Geňeşi, Ykdysady Geňeş, GDA ýurtlarynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralary ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşi hem-de Ykdysady geňeşiň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň çäklerinde amala aşyrar.
Şu gün Minsk şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA ýurtlarynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň ilkinji mejlisi geçiriler. Şagulyýewiň sözlerine görä, bu mejlisde Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-daky başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamalary hödürlener.