Turkmenportal logo
Düýn 11:16
1011310113
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystanyň Hyrat welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň ugrunyň 91 kilometri taýýar edildi

Owganystanyň Hyrat welaýatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň 91 kilometrlik böleginde turbalary çekmek üçin taýýarlyk işleri tamamlandy. Bu barada TOPH taslamasynyň Owganystandaky ygtyýarly wekili Bangunj Abdulla Ýof Hyrat welaýatynyň häkimi şeýh Mawlawy Islamjar hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky baş konsuly Batyr Ýolow bilen geçirilen duşuşykda aýtdy diýlip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berildi.

Hyrat welaýat häkimliginiň habar bermegine görä, taýýarlanan bölekde zerur infrastruktura işleri doly ýerine ýetirildi. Gaz geçirijiniň böleginde gurluşyk işleriniň yzygiderli alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, birnäçe işçi düşelgesi guruldy.

Mawlawy Islamjar alnyp barylýan işleriň gidişine oňyn baha berip, owgan-türkmen hyzmatdaşlygynyň sebitleýin ähmiýetli energetika taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Owganystandaky baş konsuly Hyrat welaýatynda TOPH gaz geçirijisi boýunça işleriň tassyklanan meýilnama laýyklykda ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.