Turkmenportal logo
Düýn 11:12
1040910409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Owganystan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mesele Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň dag magdan we nebit ministri Hidaýatulla Badri bilen bolan duşuşygynda esasy meselelerden biri boldy diýlip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar şu ýylyň ahyryna çenli gaz geçirijisiniň Hyrat şäherine çenli gurlup tamamlanjakdygyna umyt bildirdiler.

TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy takmynan 1814 kilometre deňdir: 214 kilometri Türkmenistanyň çäginden, 774 kilometri Owganystanyň çäginden, 826 kilometre Pakistanyň çäginden Hindistan bilen serhedine çenli geçer.

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyrynyň dabaraly açylyş dabarasy boldy.

Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde her ýyl Ow­ga­nys­ta­na 1 milliard amerikan dollaryndan gow­rak, Pa­kis­ta­na 200 — 250 million amerikan dollaryna barabar serişdeler geler. Bu bolsa ýurtlaryň strategik ähmiýetli maksatlaryny amala aşyrmaga uly ýardam berer.