Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlan iki sany 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Her bir jaý 24 maşgala niýetlenendir — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de şäheriň ýaşlary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler täze jaýlara göçenleri goşa baýram — Watan goragçylarynyň güni hem-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi bilen gutladylar. Täze öýleriň açarlaryna eýe bolan bagtly maşgalalar bu ajaýyp sowgat üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan bu desgalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Uly şowhunly el çarpyşmalaryň astynda täze ýaşaýjylara täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Hormatly ýaşulularyň pata bermeginden soň, dabara gatnaşyjylar täze öýler bilen tanyşdylar. Ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk bolup, otaglar mebel bilen üpjün edilip, öý-hojalyk tehnikalary hem-de ähli zerur amatlyklary bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Habarda bellenilişi ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri maşgalalara abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.