Turkmenportal logo
Düýn 09:07
1072710727
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin boş iş orunlaryna işe çagyrýar

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk-hukuk bölümi üçin boş iş orunlaryna bir ýa-da iki işgäri kabul edýändigini yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde habar berilýär.

Işiň çak edilýän başlanmaly möhleti 2026-njy ýylyň maý aýydyr. Işgärleriň wezipe-borçlaryna ilçihana gelýänleri kabul etmek, wiza resminamalaryny resmileşdirmek bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek, iş hatlaryny ýazmagy alyp barmak hem-de wiza resminamalarynyň arhiwini dolandyrmak ýaly işler girýär.

Dalaşgärlerden nemes, türkmen we rus dillerini erkin derejede bilmek, kompýuter bilen işlemek başarnyklarynyň bolmagy hem-de degişli ýöriteleşdirilen maksatnamalardan baş çykarmak talap edilýär. Ýokary bilimiň ýa-da degişli hünär tejribesiniň bolmagy artykmaçlyk hasaplanýar. Esasy talaplaryň hatarynda stres ýagdaýlaryna çydamlylyk, topar bilen işläp bilmek ukyby hem-de işiň möwsümleýin köpelýän döwürlerinde goşmaça iş wagtyna taýýar bolmak görkezilýär.

Diplomatik wekilhana köpdilli iş gurşawynda hünär taýdan ösüş mümkinçilikleri bolan işi hödürleýär. Işe kabul etmeklik ýerli kanunçylyga laýyklykda, hepdesine 40 sagatlyk iş wagty göz öňünde tutulýan bir ýyllyk şertnamanyň esasynda amala aşyrylar.

Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji fewralyna çenli Vw-S1@asch.diplo.de elektron salgysy arkaly kabul edilýär. Dalaşgärler nemes dilinde ýazylan haty we öz terjimehalyny (CV), pasportyň göçürme nusgasyny, terjimeleri bilen diplomlaryny hem-de dil boýunça şahadatnamalary tabşyrmalydyrlar. Deslapky saýlawdan geçen dalaşgärler mart aýynyň başynda synag tabşyrmaga we söhbetdeşlige çagyrylar.