ÝUNISEF Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistandaky ÝUNISEF-iň ýurt maksatnamasyny resmi taýdan işe girizdi. Bu maksatnama her bir çaganyň sagdyn ösmegini, bilim almagyny we goragly bolmagyny üpjün etmek babatda umumy ygrarlylygyň tassyklamasyny görkezýär.
Maksatnama çagalaryň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, ileri tutulýan ugurlar boýunça milli ösüşi çaltlandyrmaga gönükdirilendir. Olaryň hataryna çagalaryň sagdyn ösmegi, enäniň saglygyna aýratyn üns bermek bilen çagalaryň saglygy we iýmitlenmegi, täze doglan bäbegiň we çaganyň saglygyna ünsi güýçlendirmek; ähli çagalaryň bilim netijelerini gowulandyrmak maksady bilen inklýuziw we ýokary hilli bilim; zorlugyň öňüni almak, başga görnüşdäki ideg ulgamyny berkitmek hem-de çagalaryň doly gatnaşygyny goldamak bilen bagly çäreleri öz içine alýan çagalaryň goragy; deňsizlikleri aradan aýyrmak we esaslandyrylan çözgütleriň kabul edilmegini goldamak üçin durmuş syýasaty we maglumatlara esaslanýan çemeleşmeler; şeýle-de häzirki we geljekdäki howplardan çagalary goramak maksady bilen, howanyň üýtgemegine durnuklylyk we töwekgelçilikleri nazara alýan maksatnamalar girýär.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna şeýle belledi:
«Täze ýurt maksatnamasy çagalar babatda Hökümetiň garaýşyna we ýolbaşçylygyna esaslanýar. ÝUNISEF inklýuziw we durnukly ulgamlary berkitmekde Türkmenistana goldaw berýändigine buýsanýar. Hyzmatdaşlar, raýat jemgyýeti, çagalar, ene-atalar we ýetginjekler bilen bilelikdäki işlerimiziň netijesinde ýurt maksatnamasy durnukly netijelere ýetmegi we her bir çaganyň öz mümkinçiliklerini doly açmagyna kömek etmegi maksat edinýär».
2021–2025-nji ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasynyň çagalaryň hukuklaryny ilerletmek we milli ulgamlary berkitmek babatyndaky esasy netijeleri enäniň we çaganyň saglygyny gowulandyrmagy öz içine alýar. Bu ugurda 5 müň lukmançylyk işgäriniň hünär derejesi ýokarlandyryldy, immunizasiýa derejesi bolsa yzygiderli 95 göterimden ýokary saklanyp, 14 möhüm sanjymy öz içine aldy. Şeýle-de iýmitlenmegi gowulandyrmak maksady bilen, her ýyl 120 tonna witamin-mineral goşundylary satyn almak arkaly bugdaý ununy demir we foliýa turşusy bilen baýlaşdyrmak hem-de ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça işler alnyp baryldy.
Çaganyň irki ösüşi we terbiýesi boýunça maksatnamalar giňeldildi. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 80 müňden gowrak adam görkezme lukmançylyk edaralarynda irki ösüş hyzmatlaryndan peýdalandy. Inklýuziw we ýokary hilli bilim ulgamynda hem öňegidişlik gazanyldy: maýyplygy bolan çagalary goldamak üçin pudagara hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, 70 hünärmen taýýarlanyldy. Şeýle-de çagalaryň goragy we durmuş hyzmatlar ulgamy berkidildi, munuň netijesinde 7 müňden gowrak maşgala toplumlaýyn durmuş taýdan goldaw hyzmatlaryny aldy (olaryň 30 göteriminden gowragy çagalar, 60 göteriminden gowragy zenanlar, 25 göterimi bolsa maýyplygy bolan adamlar we çagalar boldy).
Howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça goýlan maýa goýumlar, şol sanda 20 mekdepde durmuşa geçirilen «Ýaşyl mekdep» synag taslamasy, tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk, MICS7 barlagynyň tamamlanmagy arkaly maglumatlaryň ýygnalmagy we dolandyryş ulgamlary hakyky delillere esaslanýan meýilnamalaşdyrmaga, jogapkärçilige hem-de çagalaryň hukuklary we Durnukly ösüş maksatlary boýunça milli ileri tutulýan ugurlarda öňegidişlige goşmaça itergi berdi.