Turkmenportal logo
28.01.26
1205312053
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat resmi wekiliýet bilen 10–12-nji fewral aralygynda 12-nji türk eksport önümleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berdi.

Sergä Türkiýäniň takmynan 100 kompaniýasy hem-de birleşikleri gatnaşar. Çäre türk kompaniýalaryna öz önümlerini türkmen bazarynda tanyşdyrmak, şeýle-de işewürlik mümkinçiliklerini giňeltmek üçin meýdança döretmäge gönükdirilendir.

Ilçihananyň habarynda bellenilişine görä, ähli türkmen kompaniýalary ýokary hilli türk önümleri bilen tanyşmak hem-de türk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegine baha bermek maksady bilen, bu çärä gatnaşmaga çagyrylýar.
Saparyň dowamynda ministr Ömer Bolat ýokary döwlet derejesinde birnäçe duşuşyklary hem geçirer.