Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň goragçysy Wepa Jumaýew Özbegistanyň Pro-ligasynda (ikinji diwizion) çykyş edýän «Aral» futbol klubunyň taryhyndaky ilkinji daşary ýurtly futbolçy boldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.
25 ýaşly futbolçy daşary ýurt klublarynda baý tejribä eýedir. Geçen möwsümde Jumaýew Belarusuň «Witebsk» klubunda çykyş etdi, ondan öň bolsa şol ýurduň «Lokomotiw» we «Energetik-BGU» klublarynda oýnady. Ol öz futbol ýoluny Aşgabat şäheriniň «Köpetdag» klubynda başlapdy.
2023-nji ýyldan bäri Wepa Jumaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş edip gelýär. Häzirki wagta çenli milli ýygyndynyň düzüminde 6 duşuşyga gatnaşyp, ol 1 gol geçirdi.