Turkmenportal logo
28.01.26
1266612666
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Barokkodan başlap haý-teka çenli: Ak Gaýa dükanynda yşyklandyryşyň ähli döwrebap trendleri tapylýar

Eger siz öýüňiziň täze öwüşginler bilen janlanmagyny, her agşamyňyzyň bolsa rahat hem ýyly pursada öwrülmegini arzuw edýän bolsaňyz, onda Ak Gaýa dükanyna baryp görmegiň wagty gelipdir. Öýi abatlamak we bezemek üçin niýetlenen bu meşhur söwda merkezi häzirki zaman dizaýnyna, ýokary hilli önümlere hem-de yşyklandyryş çözgütleriniň köpdürlüligine ýokary baha berýänler üçin özboluşly özüne çekiji merkeze öwrüldi.

Ak Gaýa dükanynda yşyklandyryş enjamlarynyň hakykatdan-da täsirli toplumy jemlenendir — onda nusgawy görnüşlerden başlap, 2026-njy ýylyň iň batyrgaý we döwrebap trendlerine çenli bardyr. Bu ýerde her bir müşderi öz giňişligine doly laýyk gelýän çözgüdi tapyp biler:

Ajaýyp asma we potolok lýustra çyralary — kiçi göwrümli geometrik görnüşlerden başlap, myhmanhana ýa-da naharhana üçin esasy bezeg nyşanyna öwrülip bilýän kristal we metaldan ýasalan köp gatly kaskadlara çenli;
Dürli stillerdäki diwar çyralary (bra) — nepis nagyşly barokko, berk nusgawy stil, batyrgaý haý-tek, haýbatly loft görnüşleri; olar ýatylýan otaglar, girelge otaglar we hatda kitap okalýan rahat künjekler üçin hem amatlydyr;

Gurnama görnüşli, üstünden oturdylýan we asma çyralar — aşhana, giriş otagy, hammam üçin nokatlaýyn yşyklandyryşda ýa-da howlyda, şeýle hem eýwanda ertekä meňzeş gurşawy döretmek üçin iň gowy saýlawdyr;
Üýtgeşik bezeg yşyklandyryşy — hyýaly şekiller, multfilm gahrymanly reňkli we mylaýym çagalar üçin görnüşleri, yşyk saçýan bulutlar, ýyldyzlar we haýwan şekilleri, olary aýratyn-da körpeler söýýärler;

Suratlar, aýnalar we aýratyn bezeg bölekleri üçin yşyklandyryş — inçe LED-çyzyklar we kiçi-spotlar, söýgüli suratlary, hammam aýnalaryny ýa-da bezeg tagtaçalary täsirli görnüşde tapawutlandyrýar;


Häzirki zaman spot-çyra we trek ulgamlary — yşygyň ugruny aňsat üýtgetmäge hem-de islendik otagda zerur yşyk ssenariýlerini döretmäge mümkinçilik berýän çeýe çözgütler;

Stol çyralary we pol çyralary (torşerler) — sadaja skandinaw stilindäki nusgalardan başlap, matadan abažurly we metal aýakly dizaýner art-obyektlere çenli;


LED-lentalar we yşyklandyryş enjamlary — aşhanada, ýatylýan otagda, lodžiýada ýa-da aýnalaryň töwereginde täsirli yşyk kompozisiýalaryny döretmek üçin: tygşytly, ýagty we örän stil taýdan döwrebap çyralar.

Aýratyn bellärlikli zatlaryň biri hem Ak Gaýa dükanynda diňe bir yşyklandyryş enjamlaryny däl-de, eýsem abatlaýyş we öýi enjamlaşdyrmak üçin zerur bolan ähli zatlary bir ýerden satyn almak mümkinçiliginiň barlygydyr. Bu ýerde ýokary hilli gurluşyk serişdeleri, santehnika, pol örtükleri, mebel, öý tehnikasy we başga-da köp sanly harytlar hödürlenýär. Tejribeli maslahatçylar yşyk bilen interýeriň iň amatly sazlaşygyny saýlamaga, ýagtylygy ýitirmän elektrik energiýasyny tygşytlamagyň usullaryny düşündirmäge hem-de döwrebap utgaşdyrylan görnüşleri teklip etmäge hemişe taýýar.

Satyn alnandan soň hem alada etmeli däl — Ak Gaýa dükanynyň eltip bermek gullugy sargydyňyzy Aşgabat şäheriniň we onuň töwereginiň islendik salgysyna tiz we tertipli görnüşde ýetirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
• Salgysy: Aşgabat ş., G. Kulyýew köç., jaý 40, Ak Gaýa binasy;
• Telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
• Sosial ulgamdaky sahypasy.