Turkmenportal logo
28.01.26
1484714847
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygyna bagyşlanyp sport köýnekleri toplumy çykarylar

Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy 11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek «Arkadag» – «Al-Nasr» futbol klublarynyň duşuşygynyň hormatyna «Nusaý» brendi bilen sport köýnekleriniň ýörite tapgyryny taýýarlap başlady.

Geljekki sport wakasy mynasybetli arassa nah matadan tikilýän bu nyşanly sport köýnekleri türkmen janköýerleri üçin niýetlenendir: sport köýnekleriniň öň tarapynda «Arkadag» toparynyň ady buýsanç bilen ýerleşdirilendir, arka ýüzünde bolsa ýylyň şygary — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýazgysy orun alýar — diýip, bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumy eýýäm uzak wagtdan bäri halkara sport ýaryşlarynyň derejesine çykyp, FIFA we UFC nyşanly önümleri öndürýär. Sport köýneklerinden başga-da, bu ýerde ýokary hilli sport egin-eşikleri tikilýär. Olara ussat türgenler bilen bir hatarda sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlar hem uly baha berýärler.