Turkmenportal logo
28.01.26
1166511665
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Kataryň ýokary okuw mekdepleri Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler

Düýn Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Doha Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Salem Nasser Al-Naýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Katar Döwletiniň Doha Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda ylmy we akademiki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama dabaraly ýagdaýda gol çekildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu resminama bilelikdäki ylmy-barlag işlerini alyp barmak, professor-mugallymlar düzüminde hem-de talyplaryň arasynda alyş-çalyşlary guramak, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýadyny döredýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, Katar döwletiniň wekiliýetiň Türkmenistana sapary iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm waka bolup durýar.