Turkmenportal logo
27.01.26
1102811028
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Kanada DIM-ara geňeşmelerini geçirer

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Kristofer Dagganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, yzygiderli syýasy-diplomatik dialogyň möhümdigi hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň ýakynlygy nygtaldy.
Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bellenildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, diplomatlar şu ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek mümkinçiligine garadylar. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň maksadalaýyklygy hem bellenildi.