Turkmenportal logo
Düýn 14:23
1142611426
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan GDA-nyň Demir ýol ulagry boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisine taýýarlyk görýär

2026-njy ýylyň maýynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça geňeşiniň 84-nji mejlisine häzirki günden taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Demir ýol ulaglary pudagy halkara daşamalar ulgamynda möhüm orun eýeläp, döwletleriň arasyndaky durnukly ykdysady gatnaşyklaryň berk binýady bolup hyzmat edýär.

Geçiriljek mejlisiň gün tertibine laýyklykda,geçirilýän mejlislerde kabul edilýän çözgütleriň ýerine ýetirilişi, demir ýol administrasiýalaryň halkara ýük daşamalaryň, ýolagçy gatnatmalarynyň görkezijileridir netijeliligi hem-de ýolagçy, ýük we konteýner otlularynyň tertibini düzmekligiň meýilnamalaryny, nyrh syýasatynyň, şeýle hem demir ýol administrasiýalaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça meseleler maslahatlaşylar.

Bu barada Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary S.Nurberdiýew Aşgabatda ýakynda geçirilen SPEKA-nyň Ykdysady forumynda eden çykyşynda ýurduň Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetlerini ýokary derejede kabul ediljekdigi barada nygtap, foruma gatnaşyjylary bu mejlise goşulmaga çagyrdy.

Hususan-da, ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Pars aýlagynyň we Hindi ummanynyň portlaryna göni çykmagyny üpjün etmegi göz öňünde tutulýan Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman geçelgesiniň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin hemişe açykdygy barada belledi.

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry bolup durýan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran (GTE) halkara demir ýoluna aýratyn üns berilmegi, bu ugruň diňe bir sebitiň döwletleri üçin däl, eýsem, Russiýa we Hytaý ýaly iri ykdysady taýdan ösen ýurtlar üçin hem Oman aýlagynyň portlaryna iň amatly ýoldugyny aýdyň görkezýär.