Ahal welaýat häkimligi welaýatda durmuş-medeni maksatly binalary, desgalary, inženerçilik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny (köçeleri) täzeden gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaşdyrmak) işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bolan hem-de Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar. Bu baradaky degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Isleg bildiren ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ýollamaly:
Änew şäheriniň Ahal köçesiniň 4-nji jaýy. (Düýpli gurluşyk müdirligi).
Telefon belgileri: (+993 137) 33-4-17, 33-5-40.
Faks belgisi: (+993 12) 59-43-27.