2025-nji ýylda Dokma senagaty ministrliginiň Gökdepe etrabyndaky pagta egriji fabriginde 138 million 600 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Netijede, ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 148,85 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Geçen ýyl kärhanada pagta süýüminiň gaýtadan işlenilmegi netijesinde öndürilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli belgili nah ýüplükler sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.
Tikin we trikotaž önümçiligine niýetlenen bu gymmatly önümler daşarky bazarlarda aýratyn uly islegden peýdalanýar diýlip, habarda bellenilýär.