Turkmenportal logo
Düýn 11:18
1111211112
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň bilim ministri Italiýanyň ýaşlaryny olimpiadalara gatnaşmaga çagyrdy

26-njy ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangulyýewiň Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Taraplar türkmen-italýan dialogynyň yzygiderli ösdürilmeginiň çäklerinde Italiýanyň bilim taslamalarynyň esasynda halkara bilim maksatnamalaryna hem-de hünär alyş-çalyşlaryna türkmen tarapynyň gatnaşygynyň işjeň giňeldilýändigini bellediler.

Konstruktiw pikir alyşmalaryň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ministr Italiýanyň mekdep okuwçylaryny we talyplaryny şu ýylyň mart–aprel aýlarynda Türkmenistanda geçiriljek matematika boýunça halkara olimpiadalara gatnaşmaga çagyrdy.