Turkmenportal logo
Düýn 10:50
68516851
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Ýaşyl» energiýa – aýdyň geljek» atly «tegelek stol» geçirildi

Aşgabatdaky«Ýyldyz» myhmanhanasynda «Ýaşyl» energiýa – aýdyň geljek» mowzugy boýunça «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) başlangyjy bilen guraldy diýip, ussatnews.com habar berýär.

«Tegelek stoluň» dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekili Borislaw Dimitrowyň, GIZ-iň «Ýaşyl» Merkezi Aziýa» maksatnamasynyň ýolbaşçysy, doktor Karolina Milowyň, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanowyň we başgalaryň çykyşlary diňlenildi.

Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň kem-kemden pes uglerodly energetika geçmegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meseleler girizildi.

Gatnaşyjylar jemleýji çekişmeleriň dowamynda daşky gurşawy goramak we durnukly energetikany ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, tejribe alyşmagyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeňligini has-da ýokarlandyrmagyň ähmiýetini bellediler.

«Tegelek stoluň» çäginde «Ýaşyl» energiýa – aýdyň geljek» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.