Turkmenportal logo
Düýn 10:01
81778177
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar — Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Monakonyň Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, zähmet üstünlikleri bilen garşylanan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özeninde türkmen halkynyň bu milli gymmatlyga goýýan belent sarpasy bardyr. At türkmen üçin myratdyr, maksada ýetmekdir. Täze ýylyň şygarynda aýdylyşy ýaly, bu mekan — arzuwlaryň hasyl bolýan, maksatlaryň bedew batly amala aşyrylýan ýurdudyr.

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri bedew badyna deňelýär. «Akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň sebiti ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň mekany hasaplanýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde milli at üstünde oýnalýan oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi, şeýle hem Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde türkmen bedewiniň mynasyp orny eýelemegi halkymyzyň bedew batly ösüşleriniň, beýik başlangyçlarynyň nyşany bolup dabaralanýar. Bu zatlaryň ählisi Hormatly Prezidentimiz Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyňyzyň berkarar döwletimizde uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýlip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gutlagynda bellenilýär.