Turkmenportal logo
Düýn 09:58
95729572
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda mart aýynda nazary mehanika boýunça Halkara internet-olimpiadasy geçiriler

24–28-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Nazary mehanika» dersi boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bu olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar. Gatnaşyjylary hasaba almaklyk 15-nji marta çenli dowam eder — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşlerinde geçiriler.

Şahsy tapgyrda her ýokary okuw mekdebinden 10 talyba çenli gatnaşmaga rugsat berilýär. Toparlaýyn bäsleşikde bolsa bir ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinden düzülen, düzümi 5 talypdan köp bolmadyk 1 ýa-da 2 toparyň gatnaşmagyna ýol berilýär.

Halkara olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.

Şahsy bäsleşigiň gatnaşyjylary üçin nazary mehanikanyň bölümleri boýunça 8 mesele taýýarlanyldy. Olaryň ikisi statika, ýene ikisi kinematika, galan 4 mesele bolsa dinamika bölümine degişlidir. Meseleleri çözmek üçin 240 minut wagt berler.

Olimpiada barada goşmaça maglumatlary institutyň resmi saýtyndan, şeýle hem şu telefon belgileri arkaly alyp bolýar: +800 522 5-75-02, +993 64 68 10 23, +993 64 20 74 44, şeýle-de şu elektron poçta ýüzlenip bolýar: tdei@tdei.edu.tmenergetikatdei@gmail.com.