Turkmenportal logo
Düýn 23:51
11121112
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident: ýazky ekişe ýokary derejede taýýarlyk görmeli
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» gepleşiginde habar berildi.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we  gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hem-de şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini, hem-de welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.