Turkmenportal logo
26.01.26
57035703
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegine 34 ýyl bolýar

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegine 34 ýyl bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşulyşmagynda bank tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirildi. Bank daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamynda ýurduň Hökümetiniň wekili hökmünde halkara maliýe guramalary, daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp bardy, maýa goýum syýasatyny ilerletmekde, iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde wajyp orna eýe boldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda döredildi. Şondan bäri hem bank dünýäniň öňdebaryjy maliýe guramalary, 20 ýurduň 50-den gowrak banklary, iri kompaniýalar, eksport-karz agentlikleri we beýleki edaralar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerledýär. Geçen ýyllarda bank halkara maliýe guramalary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk çygrynda — Yslam Ösüş banky (YÖB), Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, OPEK gaznasy, Abu Dabiniň Ösüş gaznasy, Saud Ösüş gaznasy, şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň, Çehiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň banklary, Germaniýadaky «Euler Germes», Fransiýadaky «COFACE», Belgiýadaky «OND», Italiýanyň «SAÇE», Şweýsariýanyň «SERV» eksport-karz agetlikleri ýaly iri maliýe edaralary bilen maliýe-işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýdy we bu gatnaşyklary netijeli ösdürýär.

Beýik Britaniýanyň «Financial Times» neşiriniň «The Banker» žurnaly Döwlet daşary ykdysady iş bankyny 14 gezek Türkmenistanda iň gowy banklaryň hatarynda görkezdi.

2025-nji ýylyň iýunynda «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna daşary ýurt we milli pulunda uzak möhletli karz töleglerini ýerine ýetirmäge ukyplylyk reýtingi (IDR) — «Durnukly» çaklama bilen kesgitlenilýän «BB-» derejesi berildi. Golaýda — 16-njy ýanwarda bolsa «Fitch Ratings» bank baradaky hasabatyny täzelemek bilen, bankyň «BB-» derejesiniň saklanýandygyny tassyklady.

Soňky ýyllarda bankyň daşary ýurtlaryň maliýe guramalarydyr kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň netijesinde giň gerimli taslamalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Olaryň esasylarynyň hatarynda Lebap welaýatynda buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menziliniň toplumynyň, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň, Mary, Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde onkologiýa merkezleriniň, Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň taslamalaryny görkezmek bolar.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Galkynyş» töleg ulgamyny işe girizdi. Bu töleg ulgamynyň üsti bilen raýatlar internet arkaly milli we daşary ýurt pulunda tölegleri amala aşyrmak, bank hasaplaryny özbaşdak dolandyrmak we hasaplarynyň hereketini görmek, bank kartlaryny açmak ýa-da täzeden çap etmek, şeýle-de karz almak boýunça ýüz tutmalaryny onlaýn görnüşde ugratmak ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler. «Galkynyş» töleg ulgamy häzirki wagtda raýatlar tarapyndan iň köp peýdalanylýan sanly bank hyzmatlarynyň birine öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda bank agzybir işgärler topary bilen alyp barýan netijeli işlerinde üstünlik bilen bellenen sepgitlere ýetdi we müşderilere ygtybarly hyzmat etmegiň netijesinde olaryň ynamyny gazandy. Bankyň uly müşderiler binýady onuň durnuklylygynyň we ynamdarlygynyň hakyky görkezijileriniň biridir. Hökümetiň wekili hökmünde ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek we daşary ýurtlardan maliýeleşdirilişe hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen, bank özünde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik pudaklarynyň öňdebaryjy döwlet kärhanalaryndan, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryndan, ýurdumyzyň üstünlikli işleýän hususy kärhanalaryndan duran korporatiw müşderileriň özenini jemleýär.